27 Iblise orun bermäň.
27 Иблисе орун бермәң.
Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.
Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.
Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň.
Bularyň ählisiniň üstesine-de, imany galkan edinip dakynyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.
Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.
Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.