Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:26 - Mukaddes Kitap

26 Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Гахарланып гүнә этмәң. Гахарыңызың үстүне Гүн яшмасын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:26
22 Iomraidhean Croise  

Çünki ysytmadan doludyr bilim, bedenimiň abat ýeri galmady.


Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.


Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.


Paýhasly adam giň göwünli bolar, ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.


Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.


Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.


«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Isa muny görende, gahary geldi. Ol şägirtlerine: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň. Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez.


Ýonatan gazap bilen saçagyň başyndan turdy we kakasynyň Dawudy pisint etmeýändigine gaty gynanyp, aýyň ikinji güni hiç zat iýmedi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan