Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:25 - Mukaddes Kitap

25 Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Инди ялан сөзлемәң-де, хер бириңиз өз якыныңыза хакыкаты айдың. Чүнки бизиң хеммәмиз бир бедениң агзаларыдырыс.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:25
42 Iomraidhean Croise  

Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy.


Rebbe diýdim: «Sen meniň Taňrym, maňa Senden özge hiç eşret ýokdur».


Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.


Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn.


Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir, galp şaýat bolsa ýalany.


Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr.


Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.


Ýalan söz bilen toplanan hazyna ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.


Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama.


tekepbir gözi, ýalançy dili, bigünä gan dökýän eli,


Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär, agzym ýalany ýigrenýär.


Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.


Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.


Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys.


Çöregiň bir bolşy ýaly, biz köp bolsak-da, bir bedendiris. Çünki şol bir çöregi paýlaşýandyrys.


Men onuň ýanynda siz babatda öwnüpdim, siz-de meniň ýüzümi ýere salmadyňyz. Size aýdanlarymyzyň elmydama hakykat bolşy ýaly, Titusyň öňündäki magtanjymyzyň hem hakykatdygy subut boldy.


Tersine, hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesih ýaly hemmetaraplaýyn kämilleşeris.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.


Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys.


Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn.


Biri-biriňize ýalan sözlemäň, sebäbi siz köne ýaradylyşyňyzy köne urp-adatlary bilen birlikde çykaryp zyňdyňyz.


zynahorlar, biri-biri bilen ýatýan erkekler, gul söwdagärleri, ýalançylar, ähtiýalanlar, umuman, sagdyn taglymata garşy çykýanlaryň ählisi üçindigini bilýäris.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


Olaryň bir akyldary şeýle diýipdir: «Krit adasynyň halky elmydama ýalan sözleýär; olar ýyrtyjy haýwanlar, asla garny doýmaýar».


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Şimşon oňa: «Eger-de meni öň ulanylmadyk täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçaryn, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan