Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:22 - Mukaddes Kitap

22 Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Өң өвредилиши ялы, өңки дурмушыңызы, яланчы хөвеслер билен ёлдан чыкаран көне ярадылышыңызы чыкарып ташлаң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:22
27 Iomraidhean Croise  

Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň, etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,


Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.


Sebäbi günä Kanunyň buýrugyny tutaryk edinip, meni aldawa saldy-da, ol arkaly öldürdi.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.


Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Olar öz eden ýamanlyklaryna laýyk jezasyny alarlar. Olar gündiziň güni keýp çekmekden hyjuwlanýarlar. Bular masgara hem ýüzügaradyrlar. Siziň bilen nahar iýýän wagty hem olar özleriniň hilegärliklerinden keýp alýarlar.


Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.


Eliý oňa: «Haçana çenli beýdip, entirekläp ýörjek? Bar, serhoşlykdan açylansoň gel» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan