Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:21 - Mukaddes Kitap

21 Siz Isanyň sözlerini eşidensiňiz we Onuň hakykatyna esaslanyp, tälim alansyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Сиз Исаның сөзлерини эшиденсиңиз ве Онуң хакыкатына эсасланып, тәлим алансыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:21
20 Iomraidhean Croise  

olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.


ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Ýöne adamlar Hudaýa iman etmeseler, Ony nädip çagyrsyn? Hudaý barada eşitmeseler, Oňa nädip iman etsin? Hudaý barada wagyz edilmese, adamlar Ol barada nädip eşitsin?!


Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr.


Mesihiň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez!


Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz.


Mesih gelip, Hudaýdan uzakda bolan size we golaýda bolan ýahudylara bu parahatlyk Hoş Habaryny yglan etdi.


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan