Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Tersine, hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesih ýaly hemmetaraplaýyn kämilleşeris.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Терсине, хакыкаты сөйги билен айдып, бедениң Башы болан Месих ялы хемметараплайын кәмиллешерис.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:15
21 Iomraidhean Croise  

Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.


Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär.


Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi.


Öz huzurynda mukaddes we müýnsüz bolmagymyz üçin, biri-birimizi söýüp, Isa Mesihe degişli bolmagymyz üçin, Hudaý bizi dünýä ýaradylmazdan öň saýlap-seçdi.


Bütin ymarat Isa Mesih arkaly birleşýär we ösüp, Rebbe bagyşlanan mukaddes ybadathana bolýar.


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Eziz balalar, hakyky söýgimizi ýöne bir gury gep bilen däl-de, iş ýüzünde amal bilen görkezeliň.


Delila oňa: «Seniň ýüregiň meniň bilen däl eken. Nädip sen maňa: „Men seni söýýärin“ diýip bilýärsiň? Üç gezek sen meni samsyk hasap etdiň, güýjüňiň nämededigini maňa aýtmadyň» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan