Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Шейдип, мундан бейләк ынсанларың яланчылыгының ве өкделик билен дүзйән хер хили таглыматының шемалына ковлуп, эйләк-бейләк итекленйән чагалар ялы болмарыс.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:14
44 Iomraidhean Croise  

Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň, gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!


«Olar bilimi kime öwredýärler? Habary kime düşündirýärler? Süýtden kesilenleremi? Emjekden aýrylanlaramy?


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Ýahýanyň şägirtleri giden wagty, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy?


Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Emma sen olaryň sözüne gulak asma, sebäbi kyrkdan gowrak adam gizlenip, Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürýänçäk, iýip-içmeris diýip kasam etdiler. Şu wagt olar taýýar bolup, seniň razyçylygyňa garaşýarlar».


Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň.


Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.


Sen Aziýa welaýatyndakylaryň hemmesiniň, şol sanda Figeliň we Hermogeniň menden ýüz öwrendiklerini bilýänsiň.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr.


Ine, gämilere serediň! Olar güýçli hem batly ýeller bilen kowulsa-da, bir kiçijik kürek arkaly sürüjiniň islän tarapyna öwrülýär.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


Bu zatlary sizi azdyrjak bolýan adamlardan habardar bolmagyňyz üçin ýazdym.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan