Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.
Esgerler biri-birine: «Geliň, muny ýyrtmalyň, muňa bije atalyň, kimiň bijesi çyksa, şol alar» diýdiler. Bu Mukaddes Ýazgylardaky: «Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar» diýen sözleriň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy. Esgerler şeýle hem etdiler.
«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.
Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.
Men Mesihiň bir şägirdini tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal gökleriň gögüne äkidildi. Bu ahwal bedende ýa-da bedenden daşarda bolupmy – bilemok, muny Hudaý bilýär.
Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.