Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Мен Худайың халкының арасында иң әхмиетсизидим, эмма муңа гарамаздан Месихиң акыл етмез байлыгыны яхуды дәллере вагыз этмек җогапкәрчилигини Худай маңа берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:8
33 Iomraidhean Croise  

Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa, Hudaýymyz Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly, meniň maşgalam kim?


Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“ diýýär.


Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim.


Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy».


Olar ýahudylara resullyk etmäge Petrusy bellän Hudaýyň meni-de ýahudy dällere resullyk etmäge belländigine,


Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.


Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Öz merhemetini siz ýahudy dällere ýetirmek üçin, Hudaýyň maňa aýratyn tabşyryk berendigini, elbetde, eşidensiňiz.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesihe degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.


Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we öwredijisi edilip bellendim.


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan