Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Men Hudaýyň beýik gudraty we peşgeş beren merhemeti arkaly Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Мен Худайың бейик гудраты ве пешгеш берен мерхемети аркалы Хош Хабарың хызматчысы болдум.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:7
22 Iomraidhean Croise  

Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Olar ýahudylara resullyk etmäge Petrusy bellän Hudaýyň meni-de ýahudy dällere resullyk etmäge belländigine,


Öz merhemetini siz ýahudy dällere ýetirmek üçin, Hudaýyň maňa aýratyn tabşyryk berendigini, elbetde, eşidensiňiz.


Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Onuň ýolbaşçylygy astynda tutuş beden her bognuň kömegi bilen baglanyp, Oňa birikdirilýär. Her agzanyň kadaly işlemegi netijesinde beden kemala gelip, söýgi arkaly sazlaşykly hereket edýär.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan