Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Ине, Худайың сыры шудур: Хош Хабары кабул эдйән яхуды дәллер хем яхудылара берлен ялканыш вадасына, бир бедене, бир мираса дең дереҗеде шәрикдирлер. Себәби оларың хеммеси Иса Месихе дегишлидир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:6
17 Iomraidhean Croise  

Siz bije boýunça ýurdy özüňize, içiňizde ýaşaýan gelmişeklere we olaryň araňyzda doglan çagalaryna mülk hökmünde paýlaň. Ol gelmişekler siziň üçin asly ysraýylly hasaplanmalydyrlar. Olar hem bije boýunça ysraýyl tireleriniň arasynda siziň bilen deň mülk edinerler.


Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.


Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.


Size öň gysgaça ýazyşym ýaly, Hudaý maňa Öz syryny aýan etdi.


Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys.


Şonuň üçin olar ýalylar bilen gatnaşmaň.


Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.


Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.


Çünki Mesih bize baky ýaşaýşy wada berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan