Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Худай бу сыры өңки несиллере аян этмән, эйсем хәзир Мукаддес Рух аркалы Өз мукаддес ресулларына, пыгамберлерине әшгәр этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:5
24 Iomraidhean Croise  

Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler.


Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär.


Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz.


Size şuny aýdýaryn: köp pygamberler we patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler» diýdi.


Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.


Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan