Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Hatymy okanyňyzda, Mesihiň bu syryna meniň näderejede düşünýändigimi aňarsyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Хатымы оканыңызда, Месихиң бу сырына мениң нәдереҗеде дүшүнйәндигими аңарсыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:4
19 Iomraidhean Croise  

Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Adamlar bize, goý, Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlaryny aýan edýän hyzmatçylar hökmünde garasynlar.


Men gepe çeper bolmasam-da, bilime baýdyryn. Biz muny ähli zatda size aýdyň görkezendiris.


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


Size öň gysgaça ýazyşym ýaly, Hudaý maňa Öz syryny aýan etdi.


Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi.


Bu beýik syrdyr, ýöne men munda Mesih we imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.


Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Olar päk wyždanly bolup, Hudaýyň bize Isa Mesih barasynda aýan eden hakykatyna eýermelidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan