Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:19 - Mukaddes Kitap

19 Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Хава, Худайың кәмиллигинден долуп билериңиз ялы, Месихиң аң-билим етерден үстүн болан бу сөйгүсине акыл етирип билмегиңизи Худайдан дилейәрин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:19
24 Iomraidhean Croise  

Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:


Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.


indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.


Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan