Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:13 - Mukaddes Kitap

13 Şonuň üçin hem, ugruňyzda çekýän gaýgy-hasratlarym sebäpli siziň ruhdan düşmezligiňizi haýyş edýärin. Gaýtam, bular size şöhrat getirýändir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Шонуң үчин хем, угруңызда чекйән гайгы-хасратларым себәпли сизиң рухдан дүшмезлигиңизи хайыш эдйәрин. Гайтам, булар сизе шөхрат гетирйәндир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:13
14 Iomraidhean Croise  

Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Gorkma, eý, Sion, elleriň gowşamasyn!


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Hudaý bize teselli berýän bolsa, bu biziň-de size teselli bermegimiz üçindir. Siz hem biz ýaly görgüler göreniňizde, şu tesellimizden teselli tapyp, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Ruhany olara şeýle diýsin: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz sarsmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.


Şoňa görä, siz hem şatlanyp, meniň şatlygyma şärik boluň.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan