Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Өзүниң чуңңур бай акылдарлыгы иманлылар йыгнагы аркалы гөкдәки рухы хөкүмдарлара ве эрк-ыгтыярлылара билдирилсин дийип, Худай шейле этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 3:10
23 Iomraidhean Croise  

Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.


Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.


Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen uly gopgunly sesi eşitdim.


Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?


Sebäbi men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne-de jynlaryň, ne häzirki, ne gelejekki ýagdaýlaryň, ne-de güýçleriň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň – ýaradylan zatlaryň biriniň-de bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly aýan bolan Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigine berk ynanýaryn.


Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy.


Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Şeýle hem, bu merhemeti arkaly Ol bizi tutuş akyldarlygy we düşünjesi bilen gurşap aldy.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy.


Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.


Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan