Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.
Ýöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy.
Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,