Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ол муны Иса Месих аркалы бизе эден мерхеметиниң ве мәхремлилигиниң уммасыз байлыгыны гелҗек дөвүрде гөркезмек үчин этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 2:7
13 Iomraidhean Croise  

Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Biz Hudaýymyzyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetine görä, siziň Rebbi şöhratlandyrmagyňyz üçin, Onuň-da sizi şöhratlandyrmagy üçin şu doga-dilegleri edýäris.


Emma Halasgärimiz Hudaýyň mähremligi, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda,


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan