Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Hawa, Hudaý bizi Mesih bilen bile direltdi we Ol arkaly bizi gökdäki älemde oturtdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Хава, Худай бизи Месих билен биле дирелтди ве Ол аркалы бизи гөкдәки әлемде отуртды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 2:6
16 Iomraidhean Croise  

Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz.


Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan