Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Сиз хем яхудылар ялы Худайың Мукаддес Рухуның месгени болмак үчин, хеммәңиз бирликде Месихде бина эдилйәрсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 2:22
12 Iomraidhean Croise  

Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Hudaýyň biziň bilen ýaşaýandygyny Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.


Hudaý biziň bilen we biziň hem Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.


Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan