Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Эдил дүнйәдәки бейлеки адамлар ялы сиз-де гүнәли яшайша эерип, Худая табын болмадыклара хениз-де тәсирини етирйән гөкдәки рухы гүйчлериң хөкүмдарына гуллук эдйәрдиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 2:2
64 Iomraidhean Croise  

Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.


Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.


Aýagym ýoldan çykan bolsa, ýüregim gözüme eýeren bolsa, ellerime gara ýokduran bolsam,


Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.


«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


«Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir.


emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär.


Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.


Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi.


Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar.


Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.


Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi.


Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur.


Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär.


Höküm babatda aýtsam, bu dünýäniň hökümdary şeýtan höküm edilendir.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Isa olara: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bolsa, bu dünýäden däldirin.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Şäher kätibi mähelläni köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý, efesliler! Beýik Artemis buthanasynyň we asmandan inen heýkeliniň goragçysynyň Efes şäheridigini kim bilmeýär?!


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


Ýöne men şeýle ýazanymda bu dünýäniň adamlaryny: azgynlary ýa-da betnebisleri, kezzaplary ýa-da butparazlary göz öňüne tutmandym. Beýle bolsa, siz bu dünýäni bireýýäm terk etmeli bolardyňyz.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Atamyz Hudaýyň yradasyna görä, Rebbimiz Isa bizi şu azgyn döwürden halas etmekçi bolup, günälerimiz üçin Özüni gurban etdi.


Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy.


Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr.


indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Siz birwagtlar eden pis işleriňiz sebäpli pikiriňizde Hudaýdan üzňediňiz, Oňa duşmandyňyz.


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Şeýle adam Rebden bir zat alaryn öýtmesin.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Gulak asyjy çagalar deý boluň, ozalky nadan döwrüňizdäki höwesleriňize eýermäň.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Kimiň Hudaýyň perzendidigi, kimiň bolsa iblisiňkidigi şundan belli: dogry iş etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Çünki Hudaýyň her bir perzendi dünýäni ýeňmegi başarýandyr. Biz dünýäniň üstünden bu ýeňşi imanymyz arkaly gazanýarys.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan