Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Шейлеликде, эй, яхуды дәллер, сиз мундан бейләк кесеки-де, гелмишек-де дәлсиңиз. Сиз инди Худайың мукаддес халкының раятысыңыз ве Худайың машгаласының агзасысыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 2:19
14 Iomraidhean Croise  

Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.


Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.


Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.


çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan