Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шонуң үчин, эй, аслы яхуды дәллер! Өңки ягдайыңызы ядыңыза салың. Бирвагтлар өзлерине «сүннетлилер» диййән яхудылар сизи «сүннетсизлер» дийип атландырярдылар. Эмма оларың агзаян сүннети беден билен баглы йөнекейҗе бир адатдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 2:11
29 Iomraidhean Croise  

Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär.


Hawa, bagyň käbir şahalary döwlüp, ýabany zeýtunyň şahasy bolan siz oňa sapyldyňyz. Siz idedilip ýetişdirilen zeýtunyň köküniň şiresine şärik bolduňyz.


Şeýle hem bir sünnetsiz adam Kanunyň parzlaryny berjaý edýän bolsa, onuň sünnetsizligi sünnet hasaplanmazmy näme?


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


Biz aslymyz boýunça ýahudydyrys, günäli saýylýan keseki milletlerden däldiris.


Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.


Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.


Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýatlap, şu parzlary yhlas bilen ýerine ýetiriň.


Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Siz birwagtlar eden pis işleriňiz sebäpli pikiriňizde Hudaýdan üzňediňiz, Oňa duşmandyňyz.


Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr.


Owal siz sünnetsiz bolan öňki tebigatyňyzda günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Indi bolsa Hudaý ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Mesih bilen bile direltdi.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan