Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Худай илкибашдан Месихде амала ашыран ягшы ниетлери аркалы Өз ислегиниң сырыны бизе аян этди

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 1:9
28 Iomraidhean Croise  

Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Neçün siz Maňa şikaýat edýäňiz? Baryňyz Maňa garşy baş galdyrdyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.


Men ony ynsandan kabul etmedim ýa-da öwrenmedim. Maňa ony Isa Mesihiň hut Özi aýan etdi.


Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Şeýle hem, bu merhemeti arkaly Ol bizi tutuş akyldarlygy we düşünjesi bilen gurşap aldy.


Bu Hudaýyň owal-başdan bäri meýilnamasy bolup, ony Rebbimiz Isa Mesih arkaly amala aşyrdy.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan