Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Şeýle hem, bu merhemeti arkaly Ol bizi tutuş akyldarlygy we düşünjesi bilen gurşap aldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Шейле хем, бу мерхемети аркалы Ол бизи тутуш акылдарлыгы ве дүшүнҗеси билен гуршап алды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 1:8
17 Iomraidhean Croise  

Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.


Men danalykdyryn, pähim-paýhas bilen ýaşaýaryn, bilim hem akyllylyk mendedir.


Ine, gulum rowaçlanar, ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar, gaty belende çykarylar.


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».


Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?


Emma Hudaýyň peşgeş beren merhemetini Adam atanyň günäsi bilen deňeşdirip-de bolmaz! Çünki bir adamyň günäsi köpleri ölüme duçar etdi; başga bir Adamyň, ýagny Isa Mesihiň merhemeti arkaly bolsa köpler Hudaýyň bu peşgeşini boldan-bol aldy.


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.


Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.


Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji hem-de baýlygy, paýhasy hem gudraty, hormaty hem şöhraty öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan