Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Худай чуңңур бай мерхемети билен Оглуның дөкен ганы аркалы гүнәлеримизи багышлап, бизи азат этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 1:7
67 Iomraidhean Croise  

oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin, tussagdakylaryňyzy gurruk guýudan çykararyn.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.


Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.


Günäleriniň bagyşlanmagy arkaly olaryň halas boljakdygyny Onuň halkyna mälim edersiň.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, şol bagyşlanar, kimiň günäsini bagyşlamasaňyz, şol bagyşlanmaz» diýdi.


Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler.


Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.


Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Hudaýa degişli adamlar doly azat bolýança, Mukaddes Ruh biziň mirasymyzyň kepilnamasydyr. Bularyň bary Hudaýa şan-şöhrat getirýär.


Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Şeýle hem, bu merhemeti arkaly Ol bizi tutuş akyldarlygy we düşünjesi bilen gurşap aldy.


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi.


Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesihe degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar.


Ogly arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


Owal siz sünnetsiz bolan öňki tebigatyňyzda günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Indi bolsa Hudaý ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Mesih bilen bile direltdi.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-bol eçildi.


Hakykatdanam, ähli zat Mukaddes Kanun boýunça gan bilen päklenýär. Gan dökülmezden hiç bir günä bagyşlanmaýar.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Eý, balalar, size ýazýaryn: Mesihiň hatyrasyna günäleriňiz bagyşlandy.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan