Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 1:23 - Mukaddes Kitap

23 Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Иманлылар йыгнагы Месихиң беденидир. Ол әхли зады Өзүнде җемлейән Месих билен долдурыландыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 1:23
19 Iomraidhean Croise  

Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Şoňa görä, diňe jeza duçar bolmak gorkusyndan däl, eýsem ynsabyňyzy päk saklamak üçin häkimiýete tabyn bolmalydyr.


Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.


Hudaý ähli zady Ogluna tabyn edenden soň, Ogul hem Özüni ähli zady Onuň aýak astyna goýan Hudaýa tabyn eder. Bu Hudaýyň ähli zatda doly höküm sürmegi üçindir.


Ol haçdaky ölümi arkaly duşmançylygy ýok etdi we iki topary bir beden kimin edip, olary Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Aşak inen-de, tutuş älem-jahany doldurmak üçin, gökleriň gögüne çykan-da Oldur.


Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesihiň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr.


Munuň netijesinde hemmämiz imanda bir bolup, Hudaýyň Ogly Mesihi tanap-bilip, Ol ýaly doly kämillige ýeteris.


Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan