Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 1:22 - Mukaddes Kitap

22 Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Худай хемме зады Онуң аякларының астына табын эдип, иманлылар йыгнагының бәхбиди үчин Оны әхли зада баш этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 1:22
18 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr.


Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir.


Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur.


Siziň Mukaddes Ruhdan alýan söýgiňiz barada hem bize ol gürrüň berdi.


Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.


Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


ähli zady aýagynyň astynda goýduň». Hudaý ähli zady onuň aýagynyň astynda goýdy, oňa tabyn däl zat goýmady. Ýöne ähli zadyň oňa tabyndygy häzirki wagtda bize aýdyň görünmeýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan