Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 1:21 - Mukaddes Kitap

21 Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Худай Месихи әхли хөкүмдарлыкдан, ыгтыярлыкдан, гүйч-гудратдан ве агалыкдан, шейле хем диңе бу дөвүрде дәл, эйсем гелҗек дөвүрде-де тутулҗак хер бир атдан хас ёкары гойды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 1:21
20 Iomraidhean Croise  

Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.


Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.


Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.


Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy.


Biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi Hudaý perişdelere tabyn etmedi.


Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan