Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 1:15 - Mukaddes Kitap

15-16 Şoňa görä Reb Isa bolan imanyňyzy we Hudaýyň ähli halkyna bolan söýgiňizi eşidelim bäri, siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükür edip, doga-dileglerimde sizi dilimden düşüremok.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15-16 Шоңа гөрә Реб Иса болан иманыңызы ве Худайың әхли халкына болан сөйгиңизи эшиделим бәри, сизиң үчин Худая дынгысыз шүкүр эдип, дога-дилеглеримде сизи дилимден дүшүремок.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 1:15
17 Iomraidhean Croise  

Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


Hudaý bize: «Hudaýy söýýän adam öz doganyny-da söýsün» diýip buýruk berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan