Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.
Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.