Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».
Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.
Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.