Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 9:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Эмма өлә галташанлыгы зерарлы харам боланлар-да барды. Олар шол гүн Песах байрамының гечирилишине гатнашып билмедилер. Шонуң үчин олар Муса билен Харуның янына гелип:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 9:6
16 Iomraidhean Croise  

Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler.


Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir.


Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler.


Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.


Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.


Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.


Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn.


Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.


Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.


Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup:


Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi.


«Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany,


«Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler.


Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan