Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Шоңа гөрә, ысрайыллар Синай чөлүнде биринҗи айың он дөрдүне, агшамара Песах байрамыны белледилер. Ысрайыллар Реббиң Муса табшыран затларының әхлисини берҗай этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 9:5
18 Iomraidhean Croise  

Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.


Nuh Rebbiň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi.


Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.


Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar.


Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler.


Ysraýyllar edil Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.


Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler.


Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.


Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.


Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi.


Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Musa geljekde aýan ediljek sözlere şaýatlyk etmek üçin, hyzmatkär kimin Hudaýyň öýüne sadyk boldy.


Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan