Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Булут мукаддес чадырың депесинде ики гүн сакланса-да, бир ай сакланса-да, хатда ондан хем узак вагтлап сакланмагыны довам этсе-де, ысрайыллар дүшлән ерлеринден гөчмездилер. Эмма булут гөтерилен бадына, олар ене ёла дүшердилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 9:22
18 Iomraidhean Croise  

Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.


Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.


Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.


Olaryň ýoly şular ýalydyr, akmaklyk-da olaryňkydyr. Emma muňa garamazdan, indiki nesil olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler.


Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi.


Ysraýyllar edil Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.


Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler.


Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar.


Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Gündiz bolsun, gije bolsun – parhy ýok, bulut ýokary göterilende ysraýyllar hem ýola düşerdiler.


Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan