Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 9:15 - Mukaddes Kitap

15 Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Мукаддес чадырың, ягны әхт чадырының гурлан гүни, оны булут гаплап алды. Агшамдан тә эртире ченли булут ода меңзәп, мукаддес чадырың депесинде дурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 9:15
21 Iomraidhean Croise  

Üstesine-de, olara gündizlerine bulut sütüni bilen ugur görkezip, gijelerine ot sütüni bilen ýöremeli ýollaryny ýagtyltdyň.


Edenleri bilen haram boldular, öz işleri arkaly zyna etdiler.


Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.


Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy.


Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.


«Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur.


Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.


Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy.


Tutuş ysraýyl halky her gezek ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy.


Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.


Düşelgeden çykyp ugranlary bäri Rebbiň buludy gündiz olaryň üstündedi.


Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.


Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan