Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 9:14 - Mukaddes Kitap

14 Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Эгер араңызда яшаян гелмишеклерден бири Реббиң Песах байрамыны беллесе, онда ол оны әхли када-канунлара лайыклыкда гечирсин. Аслы ысрайыллы болан үчин хем, гелмишек үчин хем бир дүзгүн болсун».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 9:14
14 Iomraidhean Croise  

Ysraýylyň sürgünden gaýdyp gelen halky, şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat etmek üçin şol ýerli halklaryň nejis işlerinden el çekip, ýahudalara goşulanlaryň bary ony iýdiler.


Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir.


Ähli ysraýyl halky bu baýramy bellemelidir.


Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».


Gelmişek üçin hem, ýerli adam üçin hem kanun birdir, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Ýoldaşyňyzdan ýer satyn alanyňyzda, onuň bahasy indiki baýram ýylyna çenli, ýeriň öndürip biljek hasylyna görä kesilsin.


Eý, jemagat, siziň üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçinem düzgün birdir. Bu siziň geljekki nesilleriňize-de ebedilik düzgün bolsun. Rebbiň öňünde siz hem, gelmişek hem deňdir.


Size-de, araňyzda ýaşaýan gelmişeklere-de kada-kanunlar birmeňzeşdir».


Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan