Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Олары тәмизлемек үчин шейле эт: оларың үстүне тәмизлик сувуны сепеле, онсоң олар бедениндәки әхли түйлери сырсынлар, эшиклерини ювсунлар, шейдип, өзлерини тәмизлесинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 8:7
24 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.


Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Olary ýakan adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.


Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi.


Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.


Bar eşikleri, deriden, geçi ýüňünden edilen her bir zady we agaçdan ýasalan gap-gaçlaryň ählisini tämizläň».


Lewiler özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwdular. Onsoň Harun olary göterme sadakasy hökmünde Rebbiň huzurynda hödür etdi we tämizlemek üçin, olary günälerinden saplady.


Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.


Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler.


Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan