Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 8:19 - Mukaddes Kitap

19 Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Онуң үстесине-де, Ол ысрайыллардан левилери Харуна ве онуң огулларына пешгеш хөкмүнде берди. Чүнки левилер ысрайыллара дерек Реббе йүз тутулян өйде ишлейәндиклери үчин, ысрайыллары гүнәлеринден сапларлар. Левилер ысрайыллары мукаддес затлара хас голай гелмекден горарлар, ёгсам ысрайыллар хеләк боларлар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 8:19
12 Iomraidhean Croise  

Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.


Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».


Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy.


Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler.


Äht sandygynyň içine seredendikleri üçin, Reb beýtşemeşlileri öldürdi. Halkyň içinden Ol ýetmiş adamy öldürdi. Halk matam tutdy, çünki halky Reb gyrypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan