Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 8:17 - Mukaddes Kitap

17 Çünki ysraýyllaryň arasynda haýwan bolsun, ynsan bolsun parhy ýok, ilkinji doglanlar Rebbiňkidir. Müsür ýurdunda nowbahar ogullary gyran güni, Reb olary Özüne bagyş etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Чүнки ысрайылларың арасында хайван болсун, ынсан болсун пархы ёк, илкинҗи догланлар Реббиңкидир. Мүсүр юрдунда новбахар огуллары гыран гүни, Реб олары Өзүне багыш этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 8:17
18 Iomraidhean Croise  

Olaryň butlaryna hyzmat etdiler, butlar hem olara duzak boldular.


Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Ýary gije Reb Müsüriň ähli nowbahar ogullaryny öldürip çykdy. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň nowbahar ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi.


Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin.


Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.


Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun – parhy ýok, olar Rebbiňkidir.


çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».


Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy.


Kanunda: «Ilkinji doglan her bir erkek göbekli Rebbe bagyş edilmeli» diýip ýazylandyr.


onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi.


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Musa iman arkaly Pesah gurbanlyk janlysyny öldürmegi we olaryň ganyny gapynyň söýelerine çalmagy buýurdy. Ol muny ysraýyl halkynyň nowbahar ogullaryna Ölüm perişdesiniň el degirmezligi üçin etdi.


Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan