Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.
Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.
Lewiler özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwdular. Onsoň Harun olary göterme sadakasy hökmünde Rebbiň huzurynda hödür etdi we tämizlemek üçin, olary günälerinden saplady.
Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.
meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.