Sap altyndan çyradan ýasat. Çyradanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Çyradanyň gülkäsesi, gül-gunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun.
Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.
Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.