Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 7:89 - Mukaddes Kitap

89 Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

89 Муса Реб билен геплешмек үчин, Реббе йүз тутулян чадыра гиренде, ики керубың арасындан гелйән сеси эшидйәрди. Бу ики керуп Әхт сандыгының гапагының үстүндеди. Шейдип, Реб Муса билен геплешерди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 7:89
15 Iomraidhean Croise  

Ol içki otagda her biriniň boýy on tirsek bolan zeýtun agajyndan iki sany kerup ýasady.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.


Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy.


Reb Özüne ýüz tutulýan çadyrdan Musany çagyryp, oňa şeýle diýdi:


Reb Sinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi:


Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»


Reb Musa şeýle diýdi:


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan