Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 7:85 - Mukaddes Kitap

85 Her kümüş tabagyň agramy üç ýüz elli mysgaldy we her kümüş legeniň agramy ýüz elli mysgaldy. Ähli kümüş gaplaryň agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen alty müň mysgaldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

85 Хер күмүш табагың аграмы үч йүз элли мысгалды ве хер күмүш легениң аграмы йүз элли мысгалды. Әхли күмүш гапларың аграмы мукаддес өйүң ресми өлчеги билен алты мүң мысгалды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 7:85
7 Iomraidhean Croise  

Men Rebbiň öýi üçin, uly yhlas bilen bir ýüz ýetmiş müň batman altyn, bir million ýedi ýüz müň batman kümüş, ölçärden agdyk bürünçdir demir, agaçdyr daşlar ýygnadym. Sen bularyň üstüni ýetirmelisiň.


Ol bäş müň batman Opyr altynyndan, ybadathananyň diwarlarynyň ýüzüne çaýar ýaly on iki müň batman ýokary hilli kümüşden ybaratdyr.


Olar Hudaýyň ybadathanasynyň hyzmaty üçin sekiz müň bäş ýüz dört batman altyn, on ýedi müň batman kümüş, otuz müň batman bürünç hem-de bir ýüz ýetmiş müň batman demir berdiler.


Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary, ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam.


Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy.


Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Maňa bir tabagyň içinde Ýahýa çümdürijiniň başyny ber» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan