Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.
Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.
Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.
Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.
Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.