Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler.
Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.