48 Ýedinji gün efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişama sadakalaryny hödür etdi.
48 Единҗи гүн эфрайымларың баштутаны Эмихудың оглы Элишама садакаларыны хөдүр этди.
Tahandan Ladan, Ladandan Emihut, Emihutdan Elişama,
Ýusubyň ogullaryndan: efraýym tiresinden Emihudyň ogly Elişama; manaşa tiresinden Pedahsuryň ogly Gamlyýel.
Günbatar gapdalynda öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişamadyr.
Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Deguwalyň ogly Elýasabyň sadakalarydy.
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.