Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 7:13 - Mukaddes Kitap

13 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Онуң садакалары шулардан ыбаратды: Мукаддес өйүң ресми өлчеги билен аграмы үч йүз элли мысгал болан күмүш табак, аграмы йүз элли мысгал болан күмүш леген. Оларың икисем галла садакасы үчин зейтун ягы билен гарылан сайлама бугдай унундан долуды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 7:13
23 Iomraidhean Croise  

Gazanlar, kül atarlar, legenler we Hiramyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren gaplarynyň bary ýalpyldawuk bürünçdendi.


Patyşanyň, onuň geňeşçileriniň, baştutanlarynyň we bütin ysraýyl halkynyň Hudaýymyzyň öýi üçin sadaka beren altynyny, kümşüni we gap-gaçlaryny olara çekip berdim.


Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.


Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler.


Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.


Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.


Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler.


Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.


Ähli bahalar, mukaddes öýüň resmi ölçegine görä kesilsin, ýagny iki mysgal bolsun.


Ýigrimi ýaşdan altmyş ýaşa çenli bolan erkek adamyň bahasy mukaddes öýüň kesgitlän ölçegine görä bir ýüz mysgal kümüş bolsun.


Şol gün hatda atlaryň jaňjagazlaryna-da «Rebbe bagyş edilen» diýip ýazylar; Rebbiň ybadathanasyndaky gazanlar hem gurbanlyk sypasynyň öňündäki jamlar ýaly bolar.


Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin.


Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler.


Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.


adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş al. Bir şekel iki mysgala deňdir.


Birinji gün ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi.


Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Maňa bir tabagyň içinde Ýahýa çümdürijiniň başyny ber» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan