Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;
Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.