Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 7:10 - Mukaddes Kitap

10 Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Гурбанлык сыпасының үстүне яг сепеләп, мукаддес эдиленден соң, баштутанлар хем онуң багыш эдилиш дабарасына садакалар хөдүрледилер. Олар өз садакаларыны гурбанлык сыпасының өңүне гетирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 7:10
12 Iomraidhean Croise  

Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.


Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.


Sekizinji gün mukaddes ýygnanyşyk boldy. Gurbanlyk sypasynyň bagyş ediliş dabarasyny ýedi gün, baýramy-da ýedi gün tutdular.


Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.


Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi.


Reb Musa: «Gurbanlyk sypasynyň bagyş edilişine her gün bir baştutan öz sadakalaryny hödür etsin» diýdi.


Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary, ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam.


Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküz, altmyş goç, altmyş teke we altmyş birýaşar erkek tokly boldy. Bular gurbanlyk sypasyna ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr.


Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan